Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0110.10.2024
0
14724

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär, Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi, Wenanyň häkimi Arkadag şäherindäki VI Wena balyna gatnaşyjylary gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Gutlagynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerini belläp, lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň we häzirki zaman bejeriş usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

2. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabatda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Şol bir wagtyň özünde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana ulanmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabaralarynda çykyş edip, il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändigini aýtdy.

3. Çarşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň dürli pudaklarda, hususan-da, milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Şu gün Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler, şu mynasybetli Wenanyň häkimi we gubernatory Mihael Ludwig oňa gatnaşyjylara ýüzlendi. Ludwig öz ýüzlenmesinde Wenanyň dünýäniň aýdym-saz paýtagty hökmünde görnükli kompozitorlaryň doglan ýeri bolandygyny aýtdy. 2024-nji ýylda dürli ýurtlarda 35-den gowrak Wena ballary geçiriler hem-de olar myhmanlara Wenanyň ajaýyplygyndan we ruhundan lezzet almaga mümkinçilik döreder. Wenanyň häkimi halkara ballaryny guraýjylaryň ählisine üstünlik, myhmanlara bolsa şatlyk-şowhuna beslenen ýatdan çykmajak agşamlary arzuw etdi. «Hemmeler walsa!» diýip, Ludwig sözüni jemledi.

5. Şu gün Aşgabatda beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistana resmi sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda paýtagtdaky «Laçyn» seýilgähinde geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, il sylagly ýaşulular, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy.

Dünýäde

6. Adatdan daşary güýçli ýagyş gurak howasy bilen tanalýan Sahara çölüni suwuň basmagyna sebäp boldy. Ýerli ýaşaýjylaryň bellemeklerine görä, bu ýerde soňky 30-50 ýyl bäri beýle hadysa duş gelinmedi. Marokkonyň Hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä, käbir sebitlerde iki günüň içinde ýagyşyň bir ýyllyk mukdary ýagdy. Tagunit şäherinde bir günde 100 mm-den gowrak ýagyş hasaba alyndy. NASA-nyň emeli hemralary ýarym asyrlap gury bolan Iriki kölüniň suwdan dolandygyny ýazga aldylar. Gynansagam, tebigy hadysa pajygaly netijelere hem getirdi: Marokkoda we Alžirde 20 töweregi adam aradan çykdy, ekinleriň zaýalanmagy sebäpli daýhanlar uly ýitgi çekdiler.

Sport täzelikleri

7. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby we sport ussatlygyna dalaşgär Amanmuhammet Hommadow Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň esasy ýaryşynda ýeňiji boldy. Hommadow mümkin bolan 11 utukdan 9,5-ni toplap, Elo reýtingini 2290 bala çenli ýokarlandyrdy hem-de FIDE-niň ussady derejesine ýakynlaşdy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Hommadow ýurduň milli ýygyndysynyň düzüminde Wengriýada geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda «B» kategoriýada altyn medallara mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni 6,5 utuk toplan Lebap welaýatyndan 14 ýaşly Jahan Rejepowa görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň