Italiýanyň öňki Hökümet başlygy, merhum Silwio Berluskoniniň çagalary öz kakalarynyň «Öňe, Italiýa» partiýasyny saýlawlarda ýeňşe getirmek üçin syýasata gelmek barada maslahatlaşýarlar diýip, «Bloomberg» neşiri habar berdi.
Habara görä, Berluskoniniň maşgalasy iýuldan bäri Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Antonio Taýani hem-de Berluskoniniň döwründe ýurduň Hökümetiniň kätibi bolan Janni Letto bilen pikir alyşmalary geçirýär.
«Eger Jorja Meloniniň hökümeti krizis düzgünine düşse hem-de hökümet boşlugy emele gelse, onda Berluskoniniň mirasdüşerleriniň biri meýdana çykar» diýip, Rimdäki Lusi uniwersitetiniň syýasat fakultetiniň ýolbaşçysy Jowanni Orsina aýdýar.
Berluskoni aradan çykanyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda «Öňe, Italiýa» partiýasy has-da erjellik görkezýär.
Merhum syýasatçynyň mirasdüşerleri öz kakalarynyň ýöreden sagçymerkez ugruny ösdürmek mümkinçiligini görýärler, şunda bu ugruň liberal, internasional we progressiw bolmagy saýlawçylaryň has köpsanlysyny çekmäge mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenýär.
Bu barada «caliber.az» internet neşiri ýazýar.