Top.Mail.Ru

Tailandda güýçli sil joşgunlarynda piller gark bolýar

12:3508.10.2024
0
7534
Tailandda güýçli sil joşgunlarynda piller gark bolýar
Surat: rg.ru

Tailanddaky güýçli sil joşgunlarynda Çiangmaý şäheriniň goraghanasy gark boldy. Tebigy betbagtçylykda birnäçe pilleri suw äkitdi diýip, ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Goraghanadan 100-den gowrak pili, ýüzlerçe haýwanlary, şol sanda gäwmişleri, doňuzlary, atlary, itleri, pişikleri we towşanlary başga ýere göçürmeli boldy.

Ýurtda ülkeleriň 20-sini suw basdy, sebitiň demirgazygynda bolsa, dokuz ülke gark boldy. Netijede, ol ýerde 8 müňden gowrak öý harap boldy.

Halas edijiler gaýyklarda uly haýwanlary halas etmekçi bolýarlar, emma güýçli suw akymy muňa päsgel berýär.

Goraghananyň direktory Saýengduan Çaýlertiň sözlerine görä, bu gezekki sil joşgunlary soňky ýyllarda iň güýçlüsidir. «Suw üç metr ýokarlandy, ulaglary suw äkitdi» diýip, ol aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň