Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy

10:0202.10.2024
0
12614
Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy
Surat: education.gov.tm

ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary Tämi Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jeými Şarp, ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jennifer Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş programmalary müdirligiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Karin Keiting we beýleki Döwlet departamentiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätlýýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi bilen bagly boldy.Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyrynyň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilipdi.

Duşuşykda amerikan tarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem durup geçdi.Şeýle hem, ABŞ-nyň «ACCELS» Halkara bilim boýunça geňeşleri tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan ELF, TEA, SUSI, Fulbright, Global UGRAD, IVLP, TechGirls, OpenWorld ýaly 16 bilim maksatnamasyna türkmen talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmak tejribesiniň örän oňyn netije berýändigi bellenildi.

Duşuşygyň esasy möhüm meselesi Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň