Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobatdaky bag ekmek çäresini geçirdi

22:1417.09.2024
0
3630

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek başlangyjyny dowam etdirýär. Ilçihana tarapyndan şu gün D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde şeýle çäre geçirildi.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen insitutyň çäginde bag nahallaryny oturtdylar. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy sosial tordaky sahypasynda habar berdi.

Bu çäre Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň planetanyň ýaşyl geljegini döretmek we Hindi gününi bellemek baradaky başlangyjyny goldamak maksady bilen geçirildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal ilçi Madhumita Hazarika Bhagatyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bag ekmek çäresiniň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň