Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maryda «Röwşen Gelejek» atly döwrebap bilim merkezi açyldy

14:5613.09.2024
0
11471

Maryda «Röwşen Gelejek» atly täze bilim merkezi açyldy. Onda şäheriň we onuň töweregindäki ýerleriň ýaşaýjylaryna goşmaça bilim almak üçin mümkinçilikler hödürlenýär. Merkez ýokary amatlykda enjamlaşdyrylan: onda 50-den gowrak kompýuter we 10 sany interaktiw tagta ýerleşdirilen. Bu bolsa sapaklary häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly geçmäge mümkinçilik berip, öwrenmegi has täsirli we gyzykly edýär.

«Röwşen Gelejek» bilim maksatnamalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Merkezde iňlis, rus, nemes hem-de türk dilleri ýaly daşary ýurt dillerini öwrenip bolýar.

Mundan başga-da, kompýuter sowatlylygy, takyk ylymlar boýunça (matematika, himiýa, biologiýa) dersler, şeýle hem innowasiýa ugry — robototehnika okuwlary bar.

Merkeziň maksatnamalary dürli ýaş toparlary üçin niýetlenendir. Bu ýerde okuwlar 8 ýaşdan ýokary we 13 ýaşdan ýokary diýen toparlara bölünip geçilýär, bu bolsa okuw prosesini her ýaş aýratynlygynyň zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk görnüşde guramaga mümkinçilik berýär. Okuw sapaklary öz ugurlarynda uly tejribesi bolan ýokary hünär derejeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär.

«Röwşen Gelejek» potensial öwrenijiler we olaryň ene-atalary üçin oňaýly bolmagyny göz öňünde tutup, habarlaşmak üçin aragatnaşygyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Merkeziň sosial media ulgamynda sahypasy, elektron poçta salgysy (rowshengelejek@gmail.com), şeýle hem (+993 71) 57 90 80, 7 42 93, 7 42 94 telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar.

«Röwşen Gelejegiň» salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi, 35A jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň