Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagda Haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen bagly maslahat geçirdi we Eýrana iş sapary bilen ugrady, «Tatneft» we «Kamaz» Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýärler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarow hasabat döwründe çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, ýurduň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini habar berdi. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy, ýurtda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy.
2. Türkmenistanda Seul şäherinde geçiriljek «akylly» şäherleriň Bütindünýä sergisinde Arkadag şäherini tanyşdyrar. Bu barada iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýa Orazow habar berdi. Sergi bölüminde kompýuter we «akylly» tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. 1 — 7-nji sentýabr aralygynda dowam etjek gulluk iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň koreýaly lukmançylyk serişdelerini öndürijiler bilen duşuşyklary we ugurdaş kärhanalar bilen tanyşlygy meýilleşdirilýär.
3. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylar. Dusti etrabynyň «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan 540 orunlyk täze mekdep türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mekdepde bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň çagalarynyň okajakdygyny belledi we täze mekdebiň okuwçylaryna Gaznanyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler. Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Şawkat Mirziýoýew hem öz gezeginde, mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
5. Şu gün irden Türkmen halkynyň Milli Lideri iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Iki döwletiň baýdaklary bilen bezelen «Mehrabad» Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Bu sapar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlener diýlip garaşylýar.
6. «Tatneft» Türkmenistanda lukmançylyk polipropilen önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Tatarystanyň nebit kompaniýasynyň şahamçasynyň direktory Ildar Burganowyň bellemegine görä, häzirki wagtda bu mesele geljegi uly mesele hökmünde öwrenilýär. «Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserninden Türkmenistanda bar bolan lukmançylyk polipropilenini öndürýän kärhanalaryň mümkinçilikleri barada maglumat alyndy. Degişli netijenama taýýarlandy. Döwlet konserniniň öz polipropilen markalarynyň nusgalary seljerildi» diýip, Burganow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-tatarystan iş toparynyň dokuzynjy mejlisinde aýtdy.
7. «Kamaz» Türkmenistanda ýerli brend astynda şassi ýygnamaga çenli önümçiligi açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada «Kamaz» daşary söwda kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistan sebiti boýunça direktory Marat Garifullin Bilelikdäki türkmen-tatarystan iş toparynyň mejlisinde habar berdi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bu teklibi makullady we «Kamaz» önümleriniň türkmen bazarynda giňden meşhurdygyny belledi. Şeýle hem ol bilelikdäki kärhanany döretmegiň mümkinçiligine ünsi çekdi.
8. Gözlegçiler Merkezi Köpetdagyň Duşak dagynyň eteginde täsin bir waka şaýat boldular. Dagyň eteginde oturdylan kamera duzaklary ilki bilen çeşmä suw içmäge gelen barsy, soňra bolsa şol çeşmede jerenleriň toparyny ýazga aldy. Seýrek duş gelýän görnüşler hasaplanýan kamera duzaklarynda barsyň peýda bolmagy aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmenistanda bu haýwanlaryň sany 60-dan geçmeýär, bu bolsa ýurdy ähmiýeti boýunça Eýrandan soň barslaryň ýaşaýan ikinji ýerine öwürýär. Hünärmenler bu sebitde 9 barsyň kesgitlenendigini bellediler. Bu haýwanlar adamlara howp salmaýar.
Dünýäde
9. Gözleglere laýyklykda, çagalaryň ösüşinde semizlik has howply bolan iki möhüm döwür bar: 5 ýaşynda we ýetginjeklik döwründe. Hünärmenleriň bellemegine göä, işjeň ösüşiň bu döwürlerinde artykmaç agram 2-nji görnüşli süýji keseli ýaly çynlakaý keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Bu howply meýilleriň sebäbi az fiziki işjeňlik, kaloriýasy köp we ýokumlylygy pes iýmitleri köp sarp etmek bilen häsiýetlendirilen häzirki zaman durmuş ýörelgesidir. Çagalar enjamlara has köp wagt sarp edýärler we olaryň iýmitleri çalt naharlardan we şekerli içgilerden doly.
10. Hytaýyň «Garaňky mif: Ukun» kompýuter oýny çykandan soň ilkinji 48 sagadyň dowamynda täsirli netijeleri gazandy. Analitikler 8 milliondan gowrak nusganyň satylandygyny we girdejiniň 400 million dollardan geçendigini habar berdiler. Onlaýn oýunçylaryň iň köp sanynyň 2,5 million töweregi bolup, «Steam» platformasynyň 21 ýyllyk taryhynda ikinji iň ýokary netije boldy. Oýnuň sýužeti «Günbatara syýahat» atly nusgawy hytaý romanyna esaslanýar. Baş gahryman jadyly ukyplary we erbet häsiýetleri bilen tanalýan maýmyn şasy Sun Ukundyr.
Sport habarlar
11. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň iň owadan gollarynyň ses berlişiginiň başlanandygyny yglan etdi. Ses berişlik Federasiýanyň sosial ulgamlarynda geçiriler, bu ýerde janköýerler ýedi dalaşgärden iň owadan goly saýlap bilerler. Iň köp ses alan futbolçy sylaga mynasyp bolar. TFF şeýle ses berişligi yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär, ol Ýokary liganyň her tapgyryndan we ýurduň Kubogynyň oýunlaryndan soň geçiriler. Bu täzelik janköýerleriň milli futbola bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga we oýunçylaryň başarnyklaryna baha bermäge işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.
12. Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde welaýatyň taryhyndaky iň uly küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýassynyň goldawy bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýardam bermeginde geçirildi. Açyk ýaryşa çagalardan, zenanlardan we küştüň höweseklerinden ybarat 32 oýunçy gatnaşdy. Ýaryşda Daşoguz welaýatyndan sport ussatlygyna dalaşgär Şahruh Töräýew mümkin bolan 7 utugy toplap, ýeňiji boldy. Her haýsy 5,5 utuk gazanan aşgabatly küştçi Dawut Meredow bilen maryly Serdar Käbehanow ikinji we üçünji orunlary paýlaşdy.
13. Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda çykyşyny tamamlap, dürli agram derejelerinde bürünç medallaryň üçüsini eýelediler. Toparyň ilkinji medalyny 57 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda kumite boýunça geçirilen ýaryşda çykyş eden Alymuhammet Kakalyýew eýeledi. Ýene iki bürünç medaly 21 ýaşa çenli ýaş toparynda Magtymguly Annaýew we Dawut Nazmyradow gazandy. Annaýew 55 kilograma çenli agram derejesinde, Nazmyradow bolsa 75 kilograma çenli agram derejesinde üstünlik gazandy.

