Türkmenistan Hytaý haryt ýarmarkasyna gatnaşýar, Türkmenistanda 40°C çenli yssy bolmagyna garaşylýar, «Belavia» Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda birnäçe üstaşyr gatnawlaryň bahasyny arzanlatdy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanda öndürilen önümler Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde 16-njy awgustdan 20-nji awgust aralygynda geçirilýän «Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» atly Hytaý haryt ýarmarkasynda hödürlenýär. Türkmen dokma we haly önümleri ýerleşdirilen diwarlyk sergä gelýänleriň ünsüni çekdi. Ýarmarka Merkezi we Günorta Aziýanyň sebitleri üçin eksporta gönükdirilen ykdysady strategiki meýdança döretmegi maksat edinýär.
2. Türkmenistanda hepdäniň ahyryna çenli howanyň temperaturasynyň ep-esli ýokarlanjakdygy çaklanylýarlar. Hepdäniň başynda ýurt boýunça howanyň temperaturasy +34°C çenli salkynlap, dynç günleri bu görkeziji +40 gradusa çenli ýokarlanar. Aşgabatda az bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +38...+40°C ýeter, gijelerine termometriň görkezijisi +20...+26 gradusa çenli düşer. Şuňa meňzeş howa ýagdaýy ýurduň sebitlerinde-de bolar.
3. Türkmenistanda «Kids Expo – ählis zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Forumyň myhmanlary ilkinji gezek göwünlerine ýaran diwarlygyň koduny 0590 gysga belgä iberip, SMS arkaly diwarlyklara ses berip bilerler. Ses berişlik üç ugur boýunça geçirilýär: iň gowy hyzmat, iň amatly we iň gyzykly, şeýle hem peýdaly diwarlyk. Ses berişlik dolulygyna aç-açandyr: netijeler hakyky wagt tertibinde turkmentv.gov.tm resmi saýtynda görkezilýär. Ses berlişige islendik adam gatnaşyp biler, ýöne bir telefon belgisinden günde diňe bir ses iberilip bilner.
4. Belarusyň «Belavia» awiakompaniýasy Minsk şäheriniň üsti bilen Russiýany we Türkmenistany birikdirýän birnäçe üstaşyr gatnawlaryň bahasynyň arzanladylandygyny yglan etdi. Ýörite ýeňillikli nyrh 26-njy oktýabra çenli Moskwadan we Sankt-Peterburgdan Türkmenbaşa we yzyna gatnawlar üçin hereket eder. Aksiýa aşakdaky ugurlara degişlidir: Moskwa – Minsk – Türkmenbaşy; Sankt-Peterburg – Minsk – Türkmenbaşy, şeýle hem Minskiň üsti bilen yzyna gatnawlar.
5. Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumynda «Hazar şu gün» atly täze habarlar mazmun-platformasy tanyşdyryldy. Platformanyň okyjylary habarlary alty dilde, şol sanda türkmen dilinde okap bilerler. Hazarýaka ýurtlaryndan žurnalistleri «Hazar şu günüň» işine gatnaşmaga çagyrylýar.
6. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Maşat şäherindäki Ylmy-tehnologiýalar parkyna tanyşlyk sapary bilen bardy. Üç günlük saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri Maşat şäherindäki Ylmy-tehnologiýalar parkynyň nebithimiýa, elektron we beýleki ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Dünýäde
7. Demirgazyk polýusa gezelenjiň dowamynda ekspedisiýanyň agzasy Darýa Pançenko Arktikanyň buzunyň üstünde dünýä belli «Guw köli» baletinden bir parçany ýerine ýetirdi. Bu çykyşy taryhdaky iň demirgazyk balet çykyşy hasaplamak bolar. Darýa Demirgazyk polýusda aýak barmaklarynyň üstünde durup, «Ýeňşiň 50 ýyllygy» atly äpet atom buzdöwüji gäminiň öňünde tans etdi.
8. Angliýanyň Lamborn obasynyň ýaşaýjysy Ed Pounoll auksionda adaty bolmadyk söwda etdi. Ol 150 funt sterlinge ajaýyp tegelek ýumurtga satyn aldy. Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle ýumurtga tapmagyň ähtimallygy örän pes – bu hadysa milliardda bir görülýär. Ed bu üýtgeşik nusgany saklamak isleýär, ýöne ol muny nädip etmelidigini entek çözmedi.
Sport habarlary
9. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň futbolçylary Didar Durdyýew, Elman Tagaýew we Myrat Annaýew Aşgabatda geçirilýän «KidsExpo» sergisine gatnaşyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň sergi bölüminde çagalar bilen söhbetdeş boldular. Olaryň körpe janköýerleri bilen ýadygärlik surata düşmegi we dürli sowgatlary paýlap bermegi ösüp gelýän ýaş nesli begendirdi.
10. «Altyn asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň 2024-2025-nji ýyllar möwsümindäki «öý» duşuşyklaryny Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda geçirer. Ýatlatsak, «B» toparçada Saud Arabystanyň «Al-Taawun», Yragyň «Eýr Fors» we Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparlary «Altyn asyryň» garşydaşlary bolar. Toparçalaýyn tapgyryň oýunlary 17-nji sentýabrdan 5-nji dekabr aralygynda geçiriler. «Altyn asyr» öz meýdançasyndaky ilkinji duşuşygyny ikinji aýlawda geçirer. 2-nji oktýabrda «Köpetdag» stadionynda aragatnaşykçylar «Al-Haldiýa» toparyny kabul ederler.

