Top.Mail.Ru

17-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

10:2917.08.2024
0
6920

Türkmenistanyň Prezidenti Mary şäheriniň häkimini we Mary welaýatynyň etraplarynyň birnäçesiniň häkimlerini täzeledi, Türkmenistanyň wekilleri Astrahanda geçirilýän IX Hazar metbugat maslahatyna gatnaşýarlar, Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde PFL-iň Gran-prisiniň finalynda çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň etraplarynyň birnäçesiniň we Mary şäheriniň häkimlerini wezipeden boşatdy. Mary şäheriniň häkimi wezipesine Kakageldi Saryýew bellenildi. Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine Daýanç Atamyradow, Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesine bolsa Muhammetserdar Aşyrow bellenildi.

2. Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda geçirilýän IX Hazar metbugat maslahatyna gatnaşýar. Forumyň çäklerinde umumy mejlis we mowzuklaýyn 5 duşuşyk meýilleşdirilýär. Foruma gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, adaty sungatda täze durmuş we aragatnaşygyň umumy dili hökmünde kino bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşarlar. Şeýle hem Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy geçiriler. Forumda geçirilmegi däbe öwrülen «Serhetsiz Hazar» atly iň gowy žurnalistik eserleriň bäsleşiginiň jemi jemlener.

3. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre gurady. Bu çäre Belarus dostluk jemgyýetiniň binasynda geçirildi.

4. Almaty şäherinde ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýadaky Assosirlenen mekdepler torunyň mugallymlary üçin medeni miras biliminiň meseleleri boýunça sebitleýin okuw sapagy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Çäräniň esasy mowzugy bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki wagtda bar bolan mirasyň ähmiýetini düşündirmek üçin medeni mirasy mekdep okuwyna ornaşdyrmak bilen bagly boldy.

Dünýäde

5. «Journal of the American Heart Association» žurnalynda çap edilen täze gözleg amatsyz iş şertleriniň ýüregiň saglygyna ýaramaz täsir edip biljekdigini görkezýär. Alymlar 18 ýylyň dowamynda ilkibaşda ýürek-damar ulgamynda hiç hili kynçylyk çekmedik iki jynsdan bolan 6000 töweregi ofis işgärini gözden geçirdiler. Gözlegiň ahyrynda 186 tirpildeýän aritmiýa hadysasy hasaba alyndy. Netijeler yzygiderli artyk işleýän işgärleriň adaty iş tertibinde işleýänler bilen deňeşdirilende, tirpildeýän aritmiýa bilen kesellemek töwekgelçiliginiň 83% ýokarydygyny görkezdi.

6. Meşhur türk aktýory Burak Özçiwit rus kinosynda ilkinji çykyşyna taýýarlanýar. Özçiwit «Arçalar 11» («Ёлки 11») atly Täze ýyl komediýasynda baş keşpleriň birini janlandyrar. Kinoda Burak Özçiwit bilen bilelikde «Ýigdekçäniň sözi» («Слово пацана») serialy bilen meşhurlyk gazanan Ruzil Minekaýew surata düşer.

Sport habarlary

7. «Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynyň üçünji aýlawyna ýeňiş bilen başlady. Topar 19-njy tapgyryň çäginde «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Meýlis Diniýew, Elman Tagaýew we Hakmuhammet Bäşimow geçirdiler. Bu ýeňişden soň «Ahal» utugyny 37-ä çykaryp, ikinji orundaky «Altyn asyr» bilen deňleşdi. Şu gün 19-njy tapgyryň ýene-de iki duşuşygy geçiriler: «Arkadag» «Şagadamy», «Nebitçi» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.

8. Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow we amerikaly Impa Kasanganaý ýarym agyr agram derejesinde PFL-iň Gran-prisiniň finalynda duşuşarlar. Bu tutluşygyň ýeňijisi çempionlyk tituly we 1 million amerikan dollary bilen sylaglanar. Şu gün irden Golliwud şäherinde PFL 8 ýaryşy geçirildi. Onda eminleriň biragyzdan gelen netijesi bilen Ýagşymyradow awstraliýaly Rob Uilkinsondan üstün çykdy. Bu onuň bassyr altynjy we PFL-de bassyr üçünji ýeňşi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň