Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

06:3014.08.2024
0
7359

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli pugtalandyrylýan hem-de kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ilerlediljekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň