Top.Mail.Ru

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer

09:3510.08.2024
0
5427
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Ia-centr.ru

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmek Gazagystandan Özbegistana geçdi. Bu barada «Acordy» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.

Astanada geçen VI Konsultatiw duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Tokaýew öz çykyşyny jemlemek bilen, Ş.Mirziýoýewe geljekki Konsultatiw duşuşykda başlyklyk etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezidentler üç sany resminama, şol sanda VI Konsultatiw duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama, «Merkezi Aziýa – 2040» sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekligiň Konsepsiýasyna we VI Konsultatiw duşuşygyň «Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda» çözgüde gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň