«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda 2024-nji ýylyň geçen ýedi aýynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57 müň 364 tonna golaýlady. Bu görkeziji şu ýylyň ýanwar — iýul aýlary üçin bellenilen meýilnamanyň 1,6 müň tonna artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän kombinat nahar duzunyň önümçiligini sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji bolup ýola goýan kärhanadyr.
Ýüzlerçe hünärmeniň öndürijilikli zähmet çekýän kärhanasynyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalanmagy duzçularyň gazanýan üstünliklerine aýgytly täsirini ýetirýär. Olaryň hasabat döwründe bu mukaddes önümi ýörite gaplara gaplamak babatdaky tabşyrygy 104,5 göterim amal etmekleri hem muňa aýdyň mysaldyr diýlip, habarda bellenilýär.