Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu»: deňiz önümlerinden täze tagamlar

12:4308.08.2024
0
10216

Datly tagamlardan ybarat bolan aşhanany we deňiz önümlerinden delikatesleri halaýanlara «Dejavu» fransuz aşhanasynyň restoranynda ýakymly täzelik garaşýar. Restoran balykdan we deňiz önümlerinden taýýarlanylýan tagamlara aýratyn ähmiýet bermek bilen, tagamnamasyny täzeledi.

«Dejavu»-nyň baş aşpezi myhmanlar üçin tagamlaryň datly köpdürlüligini taýýarlady. Täze tagamnamada hiç kimi biperwaý goýmaz ýaly her dürli islege laýyk gelýän aşpezlik eserleri bar. Awtorlyk reseptlere laýyklykda taýýarlanan gaplaň we korollyk krewetkalaryndan nahar aýratyn ünsüňi çekýär. Lososdan taýýarlanylan işdäaçar we şireli balykgulak önümleri islendik stoluň hakyky bezegi bolar.

Täze tagamlardan başga-da, «Dejavu» restoranynyň tagamnamasynda köp müşderileriň göwnüni awlan beýleki fransuz naharlary hem bar. Restoranyň oňaýly atmosferasy we ýokary derejeli hyzmatlary romantik agşamlygyny, iş naharyny edinmek ýa-da dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly şertleri döredýär.

«Dejavu» restoranyna baryp, özüňize täze gastronomiki gözýetimleri açmak üçin restoranyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň