Eýranly türkmen Serdar Azmun BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyndaky ilkinji goluny geçirdi. Bu gol AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň «Sepahan» topary bilen geçirilen duşuşykda hasaba alyndy. Duşuşykda «Şabab Al-Ahli» güýçli garşydaşyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.
Oýna 61-nji minutda giren Azmun eýýäm bir minutdan soň täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi. Gazanylan ýeňişden soň «Şabab-Al-Ahli» 13-nji awgust güni ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna girmek üçin Kataryň «Al-Garafasy» bilen duşuşmak hukugyna eýe boldy. «Sepahan» bolsa yklym ýaryşlaryndaky göreşini AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-de alyp barar. Bu liganyň saýlama duşuşyklaryna Aşgabadyň «Altyn asyrynyň» hem gatnaşjakdygyny ýatladýarys.