Türkmenistan «Galkynyş» käninde gaz önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär

09:4227.07.2024
0
7210

Hökümetiň sanly ulgam arkaly 26-njy iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň