Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Filippinler Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

17:1324.07.2024
0
11511

Filippinler Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.

Bu topar, BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu topar durnukly ykdysady ösüş goldamak maksady bilen, durnukly ulag ulgamlarynyň ygtybarly, howpsuz we elýeter bolmagyny gazazmak ugrunda hereket edýän meýdança öwrüldi.

Häzirki wagtda 20-ä döwlet we halkara gurama resmi taýdan bu topara goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň