Soňky habarlar

Arhiw

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

20:1523.07.2024
0
4947

Şu gün Yslamabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Şol gün Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Terrorçylyk we kiberjenaýatçylyk ýaly ählumumy howplara we wehimlere garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Pakistanyň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy, hususan-da iki döwletiň öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini ýurtlaryň özara goldaýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň hem-de energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet we bilim ýaly ugurlarda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan häsiýetini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň