Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin «Merkezi elektron ulgam» taslamasy işlenip taýýarlanyldy we birnäçe programmalar tapgyrlaýyn işe goýberildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu taslamanyň işe goýberilmegi bilen, Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň we raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle hem ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalara öz hyzmatlarynyň elektron görnüşinde hasabatyny ýöretmäge mümkinçilik döretdi.
Mundan başga-da, Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we «Sanly şäher» atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizildi we olar yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri «Bir penjire» ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm) we ýurtda giňden ulanylýan mobil goşundy programmalarynda ýerleşdirildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Ilata hödürlenýän jemagat hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hyzmatlaryň töleglerini sanly ulgamyň üsti bilen töläp bilmegi üçin oňaýly şertler döredilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny ornaşdyrmagy yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.