Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.
Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.
Salgylanylýan söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, täze hünärler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýurduň barha ösýän ykdysady kuwwaty, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygy nazara alnyp açyldy.