Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: iň owadan gol saýlanyldy

10:3717.07.2024
0
10695

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamalyň geçiren goly ýakynda tamamlanan Ýewropa çempionatyndaky iň owadan gol diýlip yglan edildi. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Ispaniýa hut Ýamalyň geçiren goly bilen ýaryşyň ýarymfinalynda Fransiýa bilen hasaby deňläpdi. Soňra duşuşyk Ispaniýanyň ýygyndysynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Jerime meýdançasynyň daşyndan derwezä gönükdirilen top derwezäniň sütünine degip, soňra onuň içine giripdi. Ýamal şol pursatda Ýewropa çempionatlarynda gol geçiren iň ýaş futbolçy bolmagy hem başardy. Ol bu goly geçirende 16 ýaş 362 günlükdi.

Çempionatyň iň gowy üç golunyň hatarynda iňlis oýunçysy Jud Bellinhemiň we şweýsariýaly Jordan Şakiriniň geçiren gollary hem bar.

UEFA iň owadan gollaryň sanawyny 10 gola çenli hatarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň