Top.Mail.Ru

«Merw» Türkiýedäki ýygnanyşygynda Gurban Berdiýewiň topary bilen duşuşar

16:1815.07.2024
0
11312

Marynyň «Merw» futbol topary 19-njy iýuldan 31-nji iýula çenli aralykda türkiýäniň Bolu şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Ýygnanyşyga 24 futbolçy we resmi wekilleriň 11-si gatnaşar.

Bu ýygnanyşygyň çäklerinde «Merw» ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. Toparyň garşydaşlarynyň biri Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» topary bolar. Bu topara meşhur türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň tälim berýändigini ýatladýarys.

Şeýle hem «Merwiň» Türkiýäniň «Pendikspor» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.

«Merw» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 17-nji awgustda girişer. Şol gün topar 19-njy tapgyryň çäginde Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen myhmançylykda duşuşar. Yzda galan iki aýlawdan soň «Merwiň» 16 duşuşykda toplan 21 utugy bilen bäşinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň