Top.Mail.Ru

2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda 40,2 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy

14:1213.07.2024
0
12084

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda 40230,1 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow hasabat berdi diýlip, TDH tarapyndan habar berilýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy. Hasabatda aýdylyşy ýaly, nebitiň 4163,7 müň tonnasy çykaryldy.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim ösüş gazanyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda tebigy gaz önümçiliginiň mukdary 80,6 milliard kub metr boldy.

Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň