Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär

14:5011.07.2024
0
8476
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu günler Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Bu ýerde işleýän müňe golaý gurluşykçynyň irginsiz zähmeti binalaryň agramly böleginde daşky mermerleri örtmek işlerine girişmäge mümkinçilik berdi diýlip , «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw binalaryndan başga-da, talyplar üçin her biri 360 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň boýy ýetirildi. Häzirki döwürde bolsa mugallymlar üçin 12 öýli we 200 talyba niýetlenen saglyk merkezli umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Institutyň täze binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylyp ulanmaga berler. 20 gektar meýdany öz içine alýan binalar toplumyny «Nahal» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurýarlar.

Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Türkmenabat şäherinde ozal hem welaýat hassahanasynyň, kitaphananyň, saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň binalary gurlupdy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň