Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly ― 2024»: türkmen topary bäşinji tapgyryň ýeňijisi boldy

17:3810.07.2024
0
10280

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ýolbaşçylyk edýän topary şu günler dowam edýän «Ýüpek ýoly ― 2024» halkara awtorallisinde T2 derejesinde ― ýolsuz ýerlerden ýöreýän ulaglaryň arasyndaky ýaryşynyň bäşinji tapgyryny ýeňiş bilen tamamlandy.

Bu tapgyrda «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparyndan Mihail Mitýaýew umumy ýaryşyň öňdebaryjysy Andreý Suşensowy yzda galdyryp, ikinji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, T2 derejesiniň umumy ýaryşynda Suşensew Mitýaýewden 11,5 minut öňde barýar. Ýaryşyň üçünji ornunda Daňatarow bar. Anton Melnikow bilen türkmenistanly doganlar Toýlyýewleriň topar öňdebaryjylaryň söbügine düşüp gelýär.

Ýaryşyň bäşinji gününde oňa gatnaşyjylar Russiýa bilen Mongoliýanyň çäklerinden geçdiler. Ýaryş indi Mongoliýanyň ýollarynda dowam eder.

«Ýüpek ýoly ― 2024» halkara rallisi 15-nji iýul güni Ulanbator şäherinde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň