Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«GREENGO» dükanynda K9 kristally lýustralaryň köpdürli görnüşleri alyjylara ýetirilýär

15:1410.07.2024
0
11516

Aşgabatdaky «GREENGO» dükany lýustralaryň K9 kristally täze kolleksiýasy bilen tanyşmaga çagyrýar. Assortimentde modern, loft we klassika ýaly dürli görnüşdäki modeller hödürlenýär.

Täze kolleksiýanyň tapawutly aýratynlygy lýustralara aýratyn öwüşgin we lezzet berýän ýokary hilli K9 kristallarynyň ulanylmagydyr.

Dükanyň wekilleriniň bellemegine görä, her lýustra özboluşly dizaýny we ýokary hilli ýasalyş ussatlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ähli bölekleri usullylyk bilen işlenip düzülip, diňe iň gowy materiallar ulanylypdyr, şonuň üçinem bu lýustralar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat eder.

«Biziň lýustralarymyz öýe özüne çekiji we çylşyrymly owadanlyk goşmak bilen, islendik interýere özboluşly äheň berýär» diýip, «GREENGO» dükanynyň hünärmenleri nygtaýarlar.

Müşderiler dükandan K9 kristally lýustralardan başga-da, fonarlar, prožektorlar we ş.m. ýaly dürli hili yşyklandyryş enjamlaryny tapyp bilerler. Öýüň içerki bezegi üçin şeýle-de stilli torşerler, dürli dizaýndaky we reňkdäki bralar hem-de spotlar bar.

Bulardan başga-da, dükanda energiýa tygşytlaýjy we LED lampalaryň görnüşleri görnetin artdy. «GREENGO» haryt nyşanly LED lampalar ýokary tygşytlylygy, beýleki şu hili meňzeş görnüşleri bilen deňeşdirilende 90% az energiýa sarp edýändigi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde hem, olar 50 000 sagada çenli netijeli ulanyş möhletini kepillendirýär.

«GREENGO» dükany şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Aýly Diýar» binasy.

Telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň