Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý däldigini resmi taýdan yglan etse-de, ýokanç hiç ýerä gitmedi hem-de ýaýramagyny dowam edýär. Mysal üçin, golaýda onuň täze – «FluQE» diýlip at berlen görnüşi belli boldy diýip, «Rambler.ru» ýazýar.
Ýokanjyň bu görnüşi bilen kesellänler, esasan, ABŞ-da, Awstraliýada hem-de Beýik Britaniýada hasaba alyndy. Hünärmenler käbir hassalarda koronawirusyň beýleki görnüşlerine mahsus bolmadyk alamatlary ýüze çykardylar. Gürrüň aýaklaryň çişmegi we olaryň garalmagy barada barýar. Bu alamatlar aýratyn hem ýaşlarda peýda bolýar. Şeýle hem elleriň barmaklarynyň çişýändigi habar berilýär.
«Adamlaryň köpüsi hiç zat duýmaýarlar we tä aýaklarynyň (ýa-da elleriniň) reňkiniň üýtgändigini hem-de çişendigini görýänçäler, özlerinde koronawirusyň bardygyny bilmeýärler» diýip, alymlar belleýärler.