Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçylyk pudagyna bagyşlanan maslahat geçirildi

21:2208.07.2024
0
8067

Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdebinde geçirilen duşuşyga professor-mugallymlar, ýokary okuw jaýynyň talyplary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary we degişli hünärmenler gatnaşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda towuklaryň ýetişdirilmegi, ideg edilmegi, ösdürilmegi, şeýle hem olaryň ýumurtgalarynyň we etiniň alynmagynyň meseleleri barada maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmek we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde maldarçylyk pudagynyň hem möhüm ähmiýeti barada söhbet etdiler.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, guşçulyk pudagy Türkmenistanyň oba hojalygynyň okgunly ösdürilýän ugurlarynyň biri bolup, ol ilatyň et we et önümlerine, şeýle hem towuk ýumurtgalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda zerur ugurlaryň biridir.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda inkubasiýa işiniň aýratynlyklary, guşlaryň saglygy we olardan ýokary hem-de köp önüm almak üçin zerur şertleriň bardygy barada aýdyldy.

Maslahata gatnaşyjylar guşçylyk pudagynda innowasion tehnologiýalary ulanmagyň tärlerini, towuklaryň ösdürilmeginiň häzirki zaman usullaryny maslahatlaşdylar. Ýeri gelende bellesek, S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde şeýle ylmy duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň