Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy boldy

20:0606.07.2024
0
7828

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn we wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklaryň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigi barada aýdyldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. BMG biziň ýurdumyz üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu gurama ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys diýlip, çeşmede beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň