Eýran Türkmenistana gaz üpjünçiligi bilen bagly ähli bergilerini üzdi. Häzirki wagtda Eýranyň Türkmenistana bergisi ýok. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani «nCa» portalyna beren interwýusynda mälim etdi. Mundan başga-da, eýranly diplomat Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekişilen şertnama barada hem giňişleýin gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, golaýda gol çekilen şertnama laýyklykda, Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr bolan täze gaz geçirijini çekmek we gaz gysyjy desgalaryň 3-sini gurmak işleri ýerine ýetiriler. Munuň özi Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugry we «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy «swap» usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler.
— Häzirki meýilnama laýyklykda, gaz, esasan, gündogar Türkmenistandaky ýataklardan alnar. Türkmenistanyň çäginde gaz Gündogar — Günbatar üstaşyr turbageçirijisi arkaly akdyrylyp, soňra Körpeje — Gurtguýy turbageçirijisi arkaly Eýrana iberiler diýip, diplomat belleýär.