Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5706.07.2024
0
9918

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, BMG-niň Baş sekretary sapar bilen Aşgabat şäherine geldi, «Halkbank» «Sanly karz» ulgamyny girizer we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýewi şol bir wagtda, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow «Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Şeýle hem gol çekilen Karara laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçiriler.

2. 5-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sapar bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Iri abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Şu gün belent mertebeli myhman BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna baryp görer. Saparynyň çäklerinde BMG-niň ýolbaşçysy BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna peýdalanmaga beriljek «Mirap» binasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

3. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky fiziki şahslar üçin işlenip taýýarlanylan täze «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär. «Sanly karz» ulgamy Türkmenistanyň raýatlaryna internet ulgamy arkaly uzak aralykdan karz serişdelerini almaga mümkinçilik döreder, bu bolsa karzlary resmileşdirmek amallaryny ep-esli derejede ýeňilleşdirer we bank hyzmatlaryny has elýeterli eder.

4. Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 7 – 11-nji awgusty aralygynda Wengriýada birnäçe möhüm çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýa tarapyndan guralýan «Kurultaý» medeni çäresine gatnaşar. Türkmenistanyň Medeniýet günleri we beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy esasy wakalar bolar.

5. 7-nji iýulda Aşgabatda 3 saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Saýlawçylar №1 Garaşsyzlyk, №2 Bitaraplyk we № 6 Köpetdag okruglaryndan täze deputatlary saýlarlar. Ses berişlik 60 sany saýlaw uçastogynda sagat 7:00-den 19:00-a çenli geçiriler.

Dünýäde

6. Reformaçy dalaşgär Masud Pezeşkian Eýranda geçirilýän Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Saýlaw toparynyň berýän maglumatlaryna görä, 30 milliona golaý ses sanalandan soň, saýlawçylaryň gatnaşygy 49 göterimden gowrak boldy. Eýranda geçirilýän Prezident saýlawlary boýunça saýlaw uçastoklary Türkmenistanda hem guraldy. Türkmenistanda bolýan Eýranyň raýatlary Aşgabatdaky we Marydaky saýlaw uçastoklarynda ses berip bilýärler. Mundan başga-da, Eýran bilen serhetde ýerleşýän Loftabad we Aşgabat terminallarynda ykjam nokatlar döredildi.

7. Korol Karl III Beýik Britaniýanyň täze premýer-ministrini wezipä belledi. Bu wezipäni leýboristleriň ýolbaşçysy Kir Starmer eýeledi. Karl III ählumumy saýlawlarda ýolbaşçylyk edýän partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanmagyndan soň, Starmeri ýokary wezipäni eýelemäge we täze hökümeti gurmaga çagyrdy. Starmer ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe özgertmeleri durmuşa geçirjekdigine wada berdi.

Sport habarlary

8. Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ýarym finalçylaryň ilkinji jübüti kesgitlenildi. Finala çykmak ugrunda Fransiýanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylary bäsleşerler. Fransuzlar penalti tapgyrynda Portugaliýanyň toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykdylar. Ispanlar ýaryşyň ýer eýelerini – Germaniýanyň milli ýygyndysyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňdiler. Ýarym final oýny 9-njy iýulda Mýunhende geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlar. Şu gün ýene iki ýarym finalçy kesgitlener. Angliýa Şweýsariýa bilen 21:00-da oýnar, 23:45-de bolsa Niderlandlar Türkiýe bilen duşuşar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň soňky oýna gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň