Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji iýulda Aşgabatda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

10:3506.07.2024
0
11428

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Saýlawçylar №1 Garaşsyzlyk, №2 Bitaraplyk we № 6 Köpetdag okruglaryndan täze deputatlary saýlarlar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, ses berme 60 sany saýlaw uçastogynda sagat 7:00-den 19:00-a çenli geçiriler. Dalaşgärler ýurduň üç syýasy partiýasy, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi. Her okrug boýunça birnäçe dalaşgär saýlawa gatnaşýar, bu bolsa saýlawlaryň alternatiw häsiýetini üpjün edýär.

Ses bermegiň barşyna syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylar gözegçilik ederler. Saýlaw öňüsi kampaniýasy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara kadalaryna laýyklykda geçdi, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçilikleri üpjün etdi. deň mümkinçilikleri üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň