Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara söwda syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça okuw maslahaty geçirilýär

15:5904.07.2024
1
12306

Aşgabatda halkara söwda syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça üç günlük okuw maslahaty geçirilýär.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldaw bermeginde USAID maksatnamasy tarapyndan guralýar. Bu barada HHM habar berýär.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hem-de «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Okuw sapaklary ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetiniň bilermeni, ykdysady ylymlarynyň doktory Maýls Laýt tarapyndan geçirilýär.

Okuw sapaklary interaktiw leksiýalar we toparçalaýyn bölümçeler görnüşinde geçirilýär.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylara kompýuter simulýasiýalaryny ulanyp söwda we ykdysady meseleleri derňemek hem-de seljermek üçin meşhur söwda modelleri we giňişleýin maglumatlar toplumy berilýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň