Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

4-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4204.07.2024
0
8285

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Türkmenistan we Eýran türkmen gazyny Yraga ibermek barada şertnama gol çekdiler, Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Har by we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutany goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek abaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Baş prokurora jenaýatlaryň öňüni almak we bu ugurda wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barmak tabşyryldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Türkmenistan bilen Eýran türkmen gazyny Yraga ibermek barada şertnama gol çekdiler. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan her ýyl 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy SWAP görnüşinde Eýranyň çägi arkaly Yraga eksport eder. Gazyň iberilişini üpjün etmek üçin, gaz akdyryjy infrastrukturany giňeltmek meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen eýran kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar täze gaz geçirijini we üç sany täze gaz gysyjy bekedi gurarlar.

3. Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Astana şäherine bardy. Astananyň Halkara howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

4. Günüň birinji ýarymynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Ýadygärligiň açylmagy Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Takmynan 8,5 metr beýiklikdäki ýadygärlik şahyry doly boýunda şekillendirýär.

5. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet okuw-usulyýet merkezinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna bagyşlanan mugallymçylyk forumlary geçirilýär.

6. «TNT» teleýaýlymynda «Sazly intuisiýa» güýmenje gepleşiginiň nobatdaky bölümi çykdy, oňa gatnaşyjylaryň biri Türkmenistandan 26 ýaşly Eziz Akmuhammedow boldy. Ýaş ýigit sekizinji belgide çykyş edip, zehini bilen ýyldyz myhmanlary geň galdyrdy. Gepleşigiň mazmuny meşhur şahsyýetler on nätanyş adamyň içinden olaryň haýsysynyň aýdymçylyk ukybynyň bardygyny kesgitlemeli. Akmuhammedow emin agzalarynyň çaklamalaryny tassyklap, «One Republic» toparynyyň «Apologize» atly meşhur aýdymynyň kawer görnüşini ajaýyp ýerine ýetirdi.

Dünýäde

7. 1300 ýyl bäri Fransiýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Rokamadur şäherindäki gaýanyň aýrylmaz bölegi bolan we ady rowaýata öwrülen Dýurandal gylyjy syrly ýagdaýda ýitdi. Şäheriň esasy özüne çekiji zatlarynyň biri hasaplanýan bu artefakt ýerden 9,7 metr belentlikde ýerleşip, zynjyr bilen gaýa berkidilendi. Hukuk goraýjy edaralar derňew işine başlady, ýöne jenaýatçylaryň şeýle adaty bolmadyk ýerde ýerleşen gylyjy nädip ogurlap bilendikleri heniz belli däl.

8. «AnTuTu» ulanyjylaryň «Apple» enjamlaryndan iýun aýyndaky kanagatlandyryş reýtingini çap etdi. Netijeler garaşylmadyk ýagdaýda boldy: täze «iPhone-laryň» hiç biri-de ilkinji onluga girmedi. Reýtingiň lideri 2017-nji ýylda çykan «iPad Pro 2» boldy. Ondan soň aşakdaky «iPad Air 4» we «iPad Pro 11» modelleri gelýär. Dördünji orny «iPhone 12 mini» eýeledi.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda transfer möwsümi resmi taýdan açyldy. Klublar 29-njy iýula çenli täze oýunçylary hasaba alyp bilerler. Şu güýzde AFK ýaryşlaryna gatnaşjak «Arkadag» bilen «Altyn Asyryň» transfer bazarynda has işjeň boljakdygyna garaşylýar.

10. 11-nji iýulda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Ýokary liganyň klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen ýygnak geçirer. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Kubogynyň ilkinji tapgyrlarynyň, Superkubok ugrundaky oýnuň bije çekişligi geçiriler, şeýle hem çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senesi yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň