Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur «Aýterek» mobil goşundysyna uly täzelenme girizildi

11:3804.07.2024
0
12616

Harytlary tiz satmak we satyn almak üçin niýetlenen meşhur «Aýterek» mobil goşundysyny işläp düzüjiler köp sanly täze funksiýalar we kämil mümkinçilikler girizilen täzelenmäni hödürlediler.

Esasy üýtgeşmeleriň biri hem IT pudagynyň häzirki zaman tendensiýalaryna laýyk gelýän, düýpgöter gaýtadan işlenilen UX/UI dizaýn boldy. Täze interfeýs peýdaly maslahatlary we ýatlatmalary hödürlemek bilen, programmany ulanmagyň her ädiminde özboluşly we ulanyjy üçin amatly aýratynlyga eýe boldy.

Täze funksiýalaryň hatarynda gözleg edilen zatlaryň sanawyny ýatda saklamak mümkinçiligi has-da tapawutlydyr. Bu gurluş ulanyjylara ýatda saklanan gözleglerine gabat gelýän önümler elýeterli bolanda gyssagly habarlary almaga mümkinçilik berýär.

Satyjylar üçin mahabaty wizuallaşdyrma gurallary goşuldy. Bu bolsa önümlere reňkli çarçuwalary, suratlaryň ölçegini ulaltmak ýa-da umumy lentadaky suratlaryň dinamiki aýlanmagy bilen önümlerini beýlekilerden tapawutlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem sanawlarda mahabatlary ýokarlandyrmak üçin «Turbo» hyzmaty peýda boldy.

Indi programmanyň baş sahypasynda «Storisler» elýeterli boldy. Bu ýerde ulanyjylar öz wakalaryny we täzeliklerini tutuş «Aýterek» ulanyjylar köpçüligi bilen paýlaşyp bilerler.

Işewür ulanyjylar üçin bildirişleri we mahabaty ilerletmegi dolandyrmakda birnäçe kämilleşdirmeler ýola goýuldy. Dükanlaryň profillerinde indi bannerler, sosial media ulgamynyň salgylary we iş wagty baradaky maglumatlar bolup biler. Gapjygyňyzy belli bir mukdarda doldurmak üçin bonus ulgamy girizildi.

Hyzmatyň artykmaçlyklarynyň biri goşundydan çykmazdan müşderiler we satyjylar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýän gurnalan çatlar bolup durýar.

Täzelenmäniň hormatyna «Aýterek» aksiýa geçirýär: 7-nji awgustdan öň hasaba alnan ähli täze ulanyjylar gapjygyna 60 ŞAÝ baýrak alarlar.

«Aýterek» moýil goşundysy ýükläp almak üçin Google Play we App Store internet dükanlarynda elýeterlidir.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 61) 44 22 83.

Elektron poçta salgysy: ayterek@ajayyptilsimatlar.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň