Eýranda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýula bellendi diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.
«Dalaşgärleriň hiç biriniň sesleriň köplügini alyp bilmändigi üçin kanun boýunça saýlawlaryň ikinji tapgyry bellendi we ol 5-nji iýulda geçer» diýip, ýurduň Saýlaw toparynyň wekili Mohsen Eslami beýanat berdi.
Saýlawçylaryň 24,5 milliondan gowragynyň seslerini sanamagyň netijeleri boýunça reformaçy Masud Pezeşkian öňde barýar, ol sesleriň 10,4 millionyny aldy. Konserwatorçylar ganatdan bolan Said Jalili üçin 9,4 million adam ses berdi.
Dalaşgärleriň sanawyny 206 müň ses alan Mostafa Purmumammedi jemledi.
Şeýlelikde, ikinji tapgyrda Pezeşkian we Jalili bäsleşerler diýlip, habarda bellenýär.
Pezeşkian Eýranyň öňki saglygy goraýyş ministri. Milleti azerbaýjan.Ýeri gelende aýtsak, Eýranda 30 million töweregi azerbaýjanly ýaşaýar we bu ilatyň 40 göterime golaýy diýmekdir.