Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

09:3029.06.2024
0
12560

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji iýunda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadag bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Ir säher bilen täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan ussat atşynas Gahryman Arkadag Hanbeg atly ata atlanyp, birsellem ýöriş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra bedewi gorgunyna goýberdi. Bedew buýsançly başyny belent tutup gorgunlady.

«Soňra Gahryman Arkadagymyzyň bedewi aýak urşuny has-da batlandyryp başlady. Munuň özi ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem belent maksatlaryň amal bolýandygynyň, ýylyň her bir gününiň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşany bolup görünýär» diýlip, TDH-nyň teswirinde aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň