Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hökümeti bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasynda 2024 —2029-njy ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnama gol çekildi

17:5526.06.2024
0
8882

25-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Wena şäherinde (Awstriýa) guralan üçünji ösüş forumyna gatnaşdy.

Dürli ýurtlardan 400-den gowrak wekili bir ýere jemlän Forumyň çäginde OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrgy boýunça 2024 —2029-njy ýyllar aralygynda Türkmenistan Hökümeti bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy arasynda «Ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnama» gol çekildi.

Maksatnama köptaraplaýyn maliýe ösüş guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir we aşakdaky ugurlary öz içine alýar:

Ulag, senagat, telekommunikasiýa, saglygy goraýyş, bank we maliýe hyzmatlary we beýleki pudaklarda ileri tutulýan taslamalara baha bermek we maliýeleşdirmek.

Ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde tehnologiýa parklaryny, ylmy-gözleg merkezlerini, lukmançylyk merkezlerini we beýleki görnüşleri öz içine alýan infrastrukturany ösdürmek üçin maliýe we tehniki goldaw (grantlar) bermek.

Mmüknçilikleri ýokarlandyrmak, bilim we tehnologiýa özgertmeleri üçin tehniki kömek bermek.

Bu ylalaşyk Türkmenistan bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň