Top.Mail.Ru

Pakistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabat şäherinde saparda bolýar

11:5625.06.2024
0
7461

Pakistanyň senagat we önümçilik ministri Ran Tanwir Huseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Türkmenistanda resmi saparda bolýar.

HHM-niň habar bermegine görä, ministre ministrligiň ýokary derejeli işgärleri we Pakistanyň Azyk howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň wekilleri ýoldaşlyk edýär.

Wekiliýet söwda we ykdysady gatnaşyklar, senagat we oba hojalygy hyzmatdaşlygy boýunça ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar, şeýle hem energiýa pudagyndaky türkmen hyzmatdaşlary bilen duşuşar.

Saparyň dowamynda wekiliýetiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ozal Pakistanyň senagat we önümçilik ministriniň Türkmenistana resmi sapar bilen geljekdigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň