Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Lysinin Gyrgyzystanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň bäş tälimçisi boldy

14:1416.06.2024
0
8292

Gyrgyzystanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň başyna 46 ýaşly russiýaly hünärmen Maksim Lysinin getirildi. Ol milli ýygyndyny Dünýä kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna çykaran ozalky tälimçi, slowakiýaly hünärmen Stefan Tarkowiçiň ornuny çalyşdy.

1978-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda doglan Maksim Lysinin gyrgyz ýygyndysyny şu ýylyň sentýabr aýynda başlanjak täze saýlama tapgyra taýýarlar. Tälimçi Gyrgyzystanyň Futbol birleşligi bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ýeri gelende, Lysininyň Merkezi Aziýanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileriniň arasynda iň ýaşlarynyň biridigini aýtmak gerek. Ol diňe Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş täluimçisi Mergen Orazowdan (1988-nji ýylyň 22-nji fewralynda doglan) 10 ýaş uly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň