Top.Mail.Ru

«Aşgabat-siti» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky gepleşikleriň mowzuklarynyň birine öwrüldi

14:0214.06.2024
0
23157

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna baha berildi.

Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar hem-de şu maksatlar üçin öz baý tejribesini, tehnologik mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyr diýip, dostlukly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti aýtdy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, koreý işewür toparlary, beýleki ulgamlarda, şol sanda şäher gurluşygynda hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýärler.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Ýakyn geljekde bolsa ýene-de bir ägirt uly taslamany — «Aşgabat-sitini» durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi özara bähbitli ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleri döredýär diýlip, TDH tarapyndan berilýän teswirde aýdylýar.

Şeýle hem innowasiýalar, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň