Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:0014.06.2024
0
13088

Türkmenistan we Russiýa parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşdylar, Arkadag şäheri açylmagynyň birinji ýyllygyny bellär, Türkmenistan Niderlandlar bilen oba hojalyk gatnaşyklaryny ýola goýýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigini bellediler. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

2. Şu günler täze Arkadag «akylly» şäherinde onuň açylyşynyň birinji ýyllygyny bellemek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýaňy-ýakynda şäheriň döwlet arhiwinde şu aýda boljak möhüm çärä bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesliň bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, şäher ilatynyň rahat durmuşy we zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilen «akylly» şäheriň aýratynlyklary barada söhbet etdiler. Köpetdagyň gözel görnüşli eteklerinde ýerleşýän Arkadag şäheri durmuş ulgamynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäheriň nusgasydyr.

3. Türkmen işewürlerinden ybarat wekiliýet «Green Tech Amsterdam 2024» abraýly halkara sergisine gatnaşmak üçin Niderlandlara sapar bilen bardy. Bu sapar oba hojalygynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açdy. Türkmen gatnaşyjylary oba hojalygyndaky öňdebaryjy innowasiýalar we tehnologiýalar bilen tanyşdylar, bazaryň öňdebaryjy wekilleri bilen duşuşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, oba hojalygy we durnukly tejribe pudagyndaky esasy golland guramalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.

4. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary wagtynda «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Çžun Won Çžu işewür wekiliýetiň düzüminde türkmen resmi adamlary bilen birnäçe möhüm duşuşyk geçirdi. «Daewoo E&C-niň» başlygy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly maýa goýum gurşawyny we mümkinçiliklerini belläp geçdi. Çžun Gyýanly we Türkmenabat şäherlerinde mineral dökünleri öndürýän iki sany uly zawodyň, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

5. Türkmenistanyň ilçisi Wepa Hajiýew Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherda ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Bern şäherinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal köşgüniň binasynda geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Şweýsariýa bilen dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

6. AŞTU abonentlere gozgalmaýan emlägiň howpsuzlygyny we gözegçiligini üpjün etmek üçin SMART GOLDAW atly täze hyzmaty hödürleýär. Ýörite programma üpjünçiligini we telekommunikasiýa torlaryny ulanmak bilen, bu hyzmat smartfon ýa-da stasionar dolandyryjy arkaly birugsat hereketler, gapylaryň, derwezeleriň we penjireleriň açylandygy barada uzak aralykdan habarnamalary almaga mümkinçilik berýär.

Dünýäde

7. Şaý-sepler dünýäsinde gymmat bahaly daşlar adyna täze dalaşgärler ýüze çykdy. Şpineller we turmalinler çalt meşhurlyk gazanyp, brilliant, zümerret, ýakut we sapfir daşlary girýän «Uly dörtlüge» çynlakaý bäsdeşlik edýärler. 2015-nji ýylda auksionda 50 karatlyk şpinel 1,22 million dollara satyldy, bu onuň çak edilýän bahasyndan 6 esse köpdür. 2009-njy ýylda turmaliniň her karatynyň bahasy 4800 dollardy, 2022-nji ýylda bolsa eýýäm 75 000 dollara ýetdi.

8. Samoa we Täze Zelandiýada doglan 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa «Disney-iň» adybir meşhur animasiýa filmine esaslanýan filminde edermen Moananyň baş keşbini ýerine ýetirer. Ketrin: «Samoanyň we Ýuwaş umman adalarynyň ähli halklarynyň adyny şöhratlandyrmak mümkinçiligime eýe bolanyma buýsanýaryn» diýip, buýsançly sözlerini paýlaşdy. Ýaş aktrisa ýene-de ýarymhudaý Mauiniň keşbini ýerine ýetirjek Dweýn Jonson bilen bilelikde surata düşer. Uly taslamanyň surata düşüriş işleri şu tomus başlar we filmiň 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda çykmagy meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy – 2025-iň saýlama ýaryşyndaky garşydaşlary mälim boldy. Bije çekişligiň netijesinde türkmen topary «I» toparça düşdi, ol bu toparçada Ýaponiýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Saýlama ýaryş 2024-nji ýylyň 21 ― 29-njy sentýabry aralygynda Bişkek şäherinde geçiriler. Ýaşlaryň arasynda Aziýanyň kubogy – 2025-iň final bölegi bolsa geljek ýylyň 6 ― 23-nji fewraly aralygynda Hytaýda bolar. Oňa saýlama tapgyrdaky 10 toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy 5-si gatnaşyp biler.

10. Erkekleriň arasynda futbol boýunça Ýewropanyň 17-nji çempionaty anna güni agşam Germaniýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýun bilen başlar. Duşuşyk Mýunhende geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:50-de başlar. Başlangyç jürlewük çalynmazdan bir sagat öň däp boýunça ýaryşyň açylyş dabarasy bolar. Oýunlary «Match» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görmek mümkin. Türkmenistandaky futbol janköýerleri uly futbol baýramçylygyndan daşda bolmazlar. IPTV eýeleri her oýny göni ýaýlymda görüp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň