Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda gök soganly kofe meşhurlyk gazanýar

15:3711.06.2024
0
8365
 Hytaýda gök soganly kofe meşhurlyk gazanýar
Surat: gazeta.ru

Göräýmäge, gök sogan we kofe biri-biri bilen alyşmaýar, emma gök sogan goşulan latte kofesi Hytaýda giňden ýaýran.

Towuk aýaklary, gowrulan serçe we alakalar, gaýnadylan pyşbaga çorbasy we palak ýumurtga... Hytaýda geň naharlar kän, emma siz olary hödür etseler-de iýmersiňiz. Emma indi bu ýurtda ýene bir geň tagam peýda boldy, ol soganly kofe diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Bu içgi barada geçen aýda belli boldy, ony taýýarlamak üçin ilki gök soganyň birnäçe bölegini bulgurda mynçgylamaly, soňra buz, süýt we kofe goşmaly-da üstüne kän gök ot sepmeli.

Bu içgini kimiň oýlap tapandygy belli däl, ýöne ony kofehanalaryň köpüsi teklip edip başladylar.

Jemgyýetçiligiň bu içgä garaýşy dürlüçe. Kimler ony asla içmek meýliniň ýokdugyny nygtasa, kimler dadyp görmek isleýändigini, emma agzyndan sogan ysynyň gelmeginden ätiýaçlanýandyklaryny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň