Arhiw

Türkmenistanly mergenler Minskde geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandylar

14:2611.06.2024
0
12460

Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysynyň wekilleri ýakynda Minsk şäherinde geçirilen Belarus Respublikasynyň Açyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, bu ýerde medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Milli ýygyndymyzyň gaznasyna gelen medallaryň biri kümüş, ikisi bürünç medaldyr.

Halkara ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşan ýygyndymyzdan paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedowyň iki medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şahsy ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan Ezizmuhammet toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bähbit Gurbanow we içeri işler edaralarynyň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýaryşa gatnaşmak üçin dürli döwletlerden Minsk şäherine ýygnanan sport wekilleriniň arasynda türkmenistanly ýaş mergeniň ukyplarynyň aýratyn seslenme döredendigini aýtmak gerek. Ýedi ýaşyndan bäri sportuň şu görnüşi bilen meşgullanyp gelýän Ezizmuhammet 2017-nji ýyldan bäri Türkiýede we Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçesinden baýrakly orunlar bilen dolandy. Şu günler bolsa ol «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport iýunlaryndaky ahmyryny ýerine salmak üçin türgenleşýär. Geçen ýyl bu ýaryşda hormat münberine ýekeje basgançak ýetip bilmedik Ezizmuhammediň 25-nji iýun ― 7-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýakutystan Respublikasynda geçiriljek Oýunlarda esasy maksady öňdäki üç ornuň birini eýelemek.

Belarusdaky ýaryş baradaky söhbede gaýdyp gelsek, onda ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysy hem üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Üstünlikli çykyş eden topar Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýşa Annamyradowadan, Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Oksana Gataulinadan we paýtagtymyzdaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ogulsuraý Kakyşowadan ybaratdyr.

Minsk şäherinde geçirilen ýaryş türgenlerimiziň halkara tejribesiniň artmagyna ýardam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň