Meksikany güýçli guraklyk basdy diýip, «24KZ» habar berdi.
Ýagdaý has-da ýurduň demirgazyk Çiuaua ştatynda ýiti diýlip, habarda aýdylýar. Ol ýerde howanyň temperaturasy 40 gradusdan geçýär. Ýerli howdanlarda suwuň derejesi iň pes görkezijä ýetdi. Netijede, balyklar we iri şahly mallar gyrylýar, bu bolsa sebitde keselleriň ýaýramagyna getirip biler. Oba hojalyk ekinleri-de ýitgi çekdi.
Guraklyk häzir ýurduň çäginiň 90 göteriminde dowam edýär. Bu soňky 13 ýylda iň ýokary görkezijidir.

