Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restoranynyň baş aşpezi fransuz aşhanasynyň esasy üç aýratynlygy barada aýtdy

10:1410.06.2024
0
11421

«Dejavu» restoranynyň baş aşpezi Azat Imamedow fransuz aşhanasy barada aýtmak bilen, onuň esasy üç sany tapawutly aýratynlygyny belledi: sous, syr hem-de ýokary hilli çakyr.

Fransuz aşhanasyny soussyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Onuň bu aşhana däplerinde 3000 töweregi görnüşi bolup, olaryň hersiniň özboluşly tagamy we ysy bardyr.

Fransuzlar öz syry bilen giňden meşhurdyr. Olardan: konte, morbiýe, kantal, rebloşon, bri ýaly görnükli syr görnüşlerini mysal getirmek bolar. Fransuzlarda syryň 400 töweregi görnüşli bar.

Şular bilen birlikde hem, üzümden taýýarlanylýan gury we ýarym gury çakyrlaryň fransuz aşhanasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtamaly. Şeýle hem nahar bişirilende köplenç konýak, kalwados we sidr ýaly içgiler hem ulanylýar.

Alkogol uzak wagtlap bugarmak prosesini başdan geçirýär. Alkogol bugarmak bilen, tagamy baýlaşdyrýan ýakymly ysy we özboluşly datly tagamy galdyrýar.

Azadyň fransuz aşhanasy pudagynda, bu halkyň tagamlaryny taýýarlamakda 10 ýyldan gowrak tejribesiniň bardygyny bellemelidiris. Azat bu aşhananyň nusgawy reseptlerinden başlap, häzirki zaman tagam görnüşlerine çenli ähli çylşyrymly tagam taýýarlanyş usullaryny bilýär.

«Dejavu» restoranynda Fransiýa döwletine gastronomiki syýahaty amala aşyryň!

Habarlaşmak üçin:

- Ýerleşýän salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
- Telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
- Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň