Futbol dünýäsiniň iň abraýly baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Pariž şäherindäki Şatl teatrynda geçiriler. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.
UEFA «France Footbal» we «L’Equipe» neşirleriniň eýesi bolan «Amaury Groupe» kompaniýasy bilen bilelikde geçirjek «Altyn top» dabarasy üçin saýlanyp alnan ýeri mälim etdi.
68-nji gezek geçiriljek dabarany şu ýyl 28-nji aprelde Sena derýasynyň ýakasyndaky Şatl teatry kabul eder.
Bu baýrak 1956-njy ýyldan bäri her ýyl berlip gelinýär. Ol häzirki zaman dünýäsinde futbolyň iň abraýly baýraklarynyň biri hökmünde ykrar edilýär.
2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenilip, olaryň mynasyp bolan baýraklary gowşurylar:
Erkek futbolçylaryň arasynda «Altyn top»;
Zenan futbolçylaryň arasynda «Altyn top»;
Kop baýragy (21 ýaşdan kiçi iň gowy oýunçy üçin);
Ýaşin baýragy (iň gowy derwezeçi üçin);
Gerd Müller baýragy (möwsümiň iň gowy hüjümçisi üçin);
Ýylyň iň gowy erkekler topary;
Ýylyň iň gowy zenanlar topary.
Şu ýyl bu sanalanlara ýene iki baýrak goşular:
Ýylyň erkek tälimçisi;
Ýylyň zenan tälimçisi.
Dalaşgärler 4-nji sentýabrda belli bolar.