Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Regus»: islendik görnüşli işewürlik üçin ofis çözgütleri

17:1506.06.2024
0
12943

Türkmenistanda häzirki wagtda daşary ýurt franşizalary işjeň ösmegini dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda «Regus» ofis merkezini hem mysal getirmek bolar. Indi Aşgabat şäherinde islendik adam dünýäde iri iş gurşawyny üpjün edijiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.

Işewürlik üçin oňyn çözgütler

«Regus» täze işe başlan telekeçilerden hem-de frilanserlerden başlap, iri kompaniýalara çenli — islendik görnüşli işewürlik üçin ofis çözgütlerini hödürleýär. «Regus» bilen şertnama baglaşmagyň netijesinde, müşderiler islendik wagtda işewürlik merkezine girmäge mümkinçilik berýän elektron açary alýarlar.

Hyzmatlaryň doly toplumy

«Regus» iş gurşawyny kärendesine alan pursadyňyzdan işewürligi üstünlikli alyp barmaga ýardam edýän hyzmatlaryň doly toplumyna eýe bolup, wagtyňyzy tygşytlaýarsyňyz:

• Ýokary tizlikli internet;
• Guramaçylyk meselesinde doly goldaw;
• Tehniki hyzmat ediş;
• Gurşawda her gün arassaçylyk işleriniň geçirilmegi;
• Döwrebap gorag ulgamy.

Oňaýlylyk we öndürijilikli işlemek

«Regus»-yň müşderisi bolmak bilen, siz ofis gurşawyny dolandyrmak, gözegçilik etmek ýaly aladalardan ymykly dynýarsyňyz. Bu babatda «Regus»-yň administrasiýasy oňaýly we öndürijilikli işlemegiňiz üçin ähli zerur şertleri döredip, ähli guramaçylyk işlerini öz jogapkärçiligine alýar.

Goşmaça hyzmatlar

«Regus» müşderilerine şu goşmaça hyzmatlary ýetirýär:

• Işewürlik duşuşyklaryny, işewürlik lançlaryny hem-de kofe-breýkleri geçirmek;
• Çaparçylyk hyzmaty;
• Goşmaça mebelleri we tehnikalary gurnamak hyzmaty.

«Regus»-yň häzirki zaman dizaýn ýörelgelerine kybap gelýän stilli we döwrebap gurşawlary netijeli işlemek we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Bu ýerde koworking-zonalardan başga-da, 68 sany aýratyn otaglar bolup, olarda her ulanyjy öz etmeli işlerine üns jemläp, arkaýyn işläp bilýär.

«Regus» — siziň işewürlik dünýäsindäki ygtybarly hyzmatdaşyňyz. Bu ýere gelseňiz muňa has-da aýdyň göz ýetirersiňiz» diýip, merkeziň wekili belleýär.

Habarlaşmak üçin:

• Telefon belgisi: (+993 12) 75 44 22
• Web saýty: www.regus.com
• Elektron poçta salgysy: ashgabat.hilgurlusyk@regus.com
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bellik: Habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň