Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany gündizine ähli tagamlara 20% arzanladyş yglan edýär

16:0204.06.2024
1
14377

Fransuz aşhanasynyň restorany «Dejavu» myhmanlary üçin ýörite teklip taýýarlady – gündizine ähli tagamlara 20% arzanladyş hereket edýär.

Duşenbeden anna gününe çenli sagat 12:00-dan 15:00-a çenli arzan bahadan hakyky fransuz tagamlaryndan lezzet alyp bilersiňiz.

Restoranyň baş aşpezi fransuz nahar taýýarlamak usullaryny häzirki zaman gastronomiki lezzetleri bilen ussatlarça utgaşdyryp, özboluşly we gaýtalanmajak tagamlary döredýär.

«Dejavu» restoranynyň menýusynda çorbalar, etden we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlar, işdäaçarlar, süýjülikleri we başga-da dürli tagamlar hödürlenýär.

«Dejavu» işewürlik günortanlygy, dostlar bilen duşuşmak ýa-da maşgala nahary üçin ajaýyp ýerdir.

Restoranda iki sany rahat zalyň bardygyny bellemek gerek: rahatlyk höküm sürýän giň esasy zal we arassa howada naharyňyzdan lezzet alyp boljak tomusky eýwan.

«Dejavu» restorany şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Stollary bronlamak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň