Beýik Britaniýanyň sport lybaslaryny we enjamlaryny öndürijisi «UMBRO-nyň» Türkmenistandaky resmi dileri ikinji dükanyň açylandygyny habar berdi. Täze dükan Aşgabatdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşmek bilen, sporty söýüjiler we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin köp sanly harytlary hödürleýär.
«UMBRO» – bu meşhur 100-ýyllyk taryhly iňlis haryt nyşanydyr. Kompaniýa özüniň ýokary hili, innowasion tehnologiýalary we ajaýyp dizaýny bilen meşhurdyr.
«UMBRO» dükanlarynda müşderiler zenanlar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen sport lybaslarynyň, aýakgaplarynyň, torbalarynyň hem-de esbaplarynyň dürli görnüşlerini taparlar:
• futbolkalar, polo, şorty, jalbarlar, tolstowkalar we sportyň dürli görnüşleri üçin beýleki egin-eşikler;
• ylgaw, futbol, türgenleşik we gündelik geýmek üçin sport aýakgaplary;
• ýantorbalar, rýukzaklar, başgaplar, papaklar we beýleki esbaplar.
«UMBRO» dükanlary Aşgabadyň içine we tutuş Türkmenistan boýunça harytlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• salgysy: «Arkaç» SDAM, 2-nji gat;
• salgysy: «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» SM (optowoý), 2-nji gat, dükan № 39;
• telefonlar: (+993 61) 25 81 51, (+993 63) 25 81 51, (+993 12) 42 18 80;
• sosial ulgamdaky sahypasy.