Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Real» ýene bir gezek Ýewropa futbolynyň şasy bolmagy başardy

10:3302.06.2024
0
7271

Londonyň «Uembli» stadiony «Real Madridiň» Çempionlar ligasynda nobatdaky çempuionlygyna şaýat boldy. Aýgytlaýjy duşuşykda madridliler Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasabynda ýeňdiler.

«Realyň» bu ýeňşinde 74-nji we 83-nji minutlarda Dani Karwahal bilen Winisiusyň geçiren gollarynyň paýy uly. Bu ýeňiş «Realyň» bir bada dört oýunçysynyň ― Karwahalyň, Naço Fernandesiň, Toni Kroosyň we Luka Modriçiň ÝÇL-däki altynjy çempionlygy hökmünde aýratyn uly ähmiýete eýe boldy.

Final duşuşygy toparyň baş tälimçiis Karlo Ançelottini bolsa karýerasynda bäşinji gezek bu kuboga ýetirip, bu babatda birinji orundaky ýerini berkitdi.

Taryhynda 15-nji gezek Çempionlar ligasynyň çempiony bolan «Real» çempionlyklaryň sany boýunça iň ýakyn bäsdeşinden barha uzaklaşdy. Ikinji orundaky «Milanyň» 7 çempionlygy bar.

«Borussiýa» bolsa taryhynda üçünji gezek finala çykdy. Nemes topary 1997-nji ýyldaky finalda «Ýuwentusy» ýeňen bolsalar, 2013-nji ýylda ýene-de «Uemblide» «Bawariýadan» asgyn geldiler.

Indi «Real Madrid» 14-nji awgust güni Italiýanyň «Atalanta» kluby bilen Ýewropanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga çykar. Bu duşuşyk Warşawa şäherinde geçiriler.

Çempionlar ligasynyň geljek ýyldaky final duşuşygyny bolsa Mýunhen şäherindäki «Allianz Arena» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň